«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.
Kompaniýa gatnaşyjylar bilen Türkmenistanda deňizde nebitgaz çykarmak we önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek boýunça köpýyllyk tejribesini paýlaşar, bu bolsa Hazaryň baýlyklaryny özleşdirmegiň geljegini maslahatlaşmak üçin möhümdir.
«Dragon Oil» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi deňiz nebitgaz baýlyklaryny özleşdirmegiň uzak möhletlidigini görkezýär. Kompaniýa 2000-nji ýylda «Çeleken» şertnamalaýyn zolagynda işe başlap, Jeýtun we Jygalybeg känlerinde önümçilik binýadyny döretdi, zerur infrastrukturany gurdy we hereket edýän desgalaryň golaýynda geologiýa-gözleg işlerini dowam etdirdi.
«Dragon Oil» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi üçin möhüm waka «Çeleken» şertnamalaýyn zolagy boýunça önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň on ýyla – 2035-nji ýyla çenli uzaldylmagy boldy. Bu deňiz taslamasynyň operatory üçin geljek ýyllarda nebitgaz çykarmagy, geologiýa-gözleg işlerini, infrastrukturanyň ösüşini we tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyny meýilleşdirmäge binýat döredýär.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň sektorynda deňiz känlerini özleşdirmegiň geljegi OGT 2026 forumynyň esasy mowzuklarynyň biri bolar. Maslahatyň maksatnamasy kenarýakadaky maýa goýum mümkinçiliklerini, geologiýa-gözleg işlerini, seýsmiki barlaglary geçirmegi we düşündirmegi, deňiz infrastrukturasyny, buraw tehnologiýalaryny, deňiz logistikasyny we halkara hyzmatdaşlygy öz içine alýar.
Bu meseleleriň forumyň maksatnamasyna girizilmegi Hazaryň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň mundan beýläk ösmegi üçin ähmiýetini görkezýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyny we sergisini «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Energiýa Forumy» Hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraýarlar.