Energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşi – Maýa goýum forumy 2026-nyň üns merkezinde

Energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşi – Maýa goýum forumy 2026-nyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2026-nyň maksatnamasynda ýangyç-energetika toplumy babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.

«Energetika durnuklylygy we ygtybarlylygy. Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagatynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek» atly mejlisde degişli pudaklary ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça çykyşlar diňlenildi.

Bellenilişi ýaly, iri çig mal känlerini tapgyrlaýyn özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär, bu bolsa uzak möhletleýin senagat ösüşiniň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Bu iş dünýäniň öňdebaryjy tejribesi ulanylyp amala aşyrylýar, bu bolsa ýurdumyzyň gaýtadan işleýän kärhanalaryny çig mal bilen üznüksiz üpjün etmegi kepillendirýär.

Türkmenistanyň senagatlaşdyryş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi nebiti gaýtadan işleýän pudagy döwrebaplaşdyrmakdyr. Pudagyň önümçiligini täze derejelere çykarmak maýa goýumlary çekmek we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk arkaly üpjün edilýär. Häzirki zaman gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy polimerlerden başlap mineral dökünlere çenli, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň giň görnüşini öndürmäge ýardam edýär.

«Energetika özara baglanyşygy we energetika howpsuzlygy ykdysady ösüşiň durnuklylygynyň kepili hökmünde. Ykdysadyýetiň senagat-gurluşyk pudaklaryny ösdürmek» atly mejlisde bellenilişi ýaly, Türkmenistan tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolup, energetika ulgamyny diwersifikasiýa etmek arkaly ösdürmäge borçludyr.

Bu möhüm ugurda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe sebit derejesinde däl, eýsem ählumumy derejede hem ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam edýär. Türkmenistanda durnukly, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz energetikany ösdürmek boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu halkara maliýe gurluşlarynyň ýurdumyzda şu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Nebitgaz №39
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№39

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 29-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993