“Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda 1-nji oktýabrda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara standartlaryna we kadalaryna syn bermäge bagyşlanan amaly duşuşyk bolup geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagynda hem-de Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Daşary işler federal ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024 – 2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Taslama GIZ edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Maslahatlaşma Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, sypaýyçylykly edaralaryň hem-de «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hukuk we tehniki hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ýurduň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döwrebap halkara tejribelerine, şol sanda energetika sektorynda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝB-niň Reglamentine laýyk getirmek barada giňişleýin pikir alşyldy. Hünärmenler milli ösüş ilkinjiliklerini göz öňünde tutmak bilen, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme çemeleşmeleri we maslahatlary işläp taýýarladylar. Çäre dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini Türkmenistanyň milli şertlerine uýgunlaşdyrmak üçin ygtybarly metodologik binýadyň düýbüni tutmaga mümkinçilik berdi.