Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine hem daşarky, hem-de içerki bazarlarda uly isleg bildirildi.
Daşary ýurt puluna Singapuryň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen portlandsementi we ýangyç mazudyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah mata, nah ýüplük, guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazarda bolsa Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gurluşyk nebit bitumyny satyn almak boýunça şertnamalar baglaşdylar. Şeýle-de içerki bazarda agardylan mata, çig ýüpek we pagta süýümi ýerlenildi.