Aşgabatda «Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

Aşgabatda «Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre bellenildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.    

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Nebit-gaz» gazetiniň ilkinji sany 2011-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çapdan çykdy. Geçen döwrüň içinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň pudaklaýyn neşiri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hakyky ýyl ýazgysyna öwrüldi. Onuň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli halkara düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) gurluşygy, iri gazly we nebitli känleriň özleşdirilmegi, nebithimiýa zawodlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki iri möçberli işleri yzygiderli şöhlelendirilýär. 

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktorynyň, tejribeli halypa žurnalistleriň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň,    Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň wekilleriniň çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen gazetiň geçen ýoly barada gürrüň berildi. Neşiriň sanly ulgamy işjeň ösdürýänligi barada hem aýdyldy. Sanly ulgama geçilmegi we elektron görnüşiniň döredilmegi “Nebit-gaz” gazetini täze derejä çykardy hem-de ýurdumyzda, şeýle hem onuň çäklerinden alyslarda okyjylaryň sanyny artdyrdy.         

Dabaranyň çäklerinde gazetiň döredilen wagtyndan bäri onuň redaksiýasynda zähmet çeken weteran žurnalistleriň, ýerlerdäki kärhanalaryň gazanýan üstünliklerini dessin beýan edýän welaýat habarçylarynyň, şeýle hem nebitgaz toplumynyň desgalaryndan fotoreportažlaryň hem-de önümçiligiň öňdebaryjylary barada makalalaryň awtorlarynyň goşantlary aýratyn bellenildi. Çykyş edenler neşiri has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki üpjünçiligini ösdürmek hem-de işgärler üçin amatly şertleri döretmek baradaky meselelere aýratyn üns berdiler.

Gazetiň ozalky habarçylary Swetlana Goržiniň, Hojaberdi Baýramowyň we Mämmetgylyç Kütiýewiň adyna mähirli ýatlama sözleri aýdyldy. Olar ýadawsyz döredijilik işleri bilen neşiriň taryhynda we okyjylaryň kalbynda öçmejek yz galdyrdylar.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň,  “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň  adyndan “Nebit-gaz” gazetiniň ähli işgärlerine gymmat  bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993