Gahryman Arkadag: Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

Gahryman Arkadag: Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamagy teklip edýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmakdan ýüz öwürmegi göz öňünde tutýan, BMG-niň çäginde «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde talyplaryň we mugallymlaryň öňünde umumy sapakda eden çykyşynda  belledi diýip, TDH habar berýär.

«Aprel aýynda Wenada geçirilen Energetika forumynda Türkmenistan energetika giňişligini doly we kepillendirilen görnüşde syýasylaşdyrmakdan daşda tutmaga çagyrdy. Şunlukda, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmakdan ýüz öwürmegi göz öňünde tutýan «Energetika kodeksini» işläp taýýarlamaga seretmegi teklip edýär» diýip, Gahryman Arkadag belledi.

«Şeýlelikde, Türkmenistan energetika serişdelerine erkin, durnukly we deň hukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýar: bu her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

«Hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy şerti yklymyň ýurtlarynyň öndürijiler, sarp edijiler we üstaşyr geçirijiler hökmündäki energetika mümkinçiligini ulanmakdan ybaratdyr» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

«Türkmenistanyň bu ulgamdaky strategiýasy ähli üç ugur boýunça gatnaşyjylaryň bähbitlerini doly göz öňünde tutmaga, akdyrylýan ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmaga, şeýle hem nebitgaz çig malyna we elektroenergiýa çeşmelerine deň elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip, Gahryman Arkadag nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy «häzirki wagtda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam edýändigini» belledi. Gurluşyk tamamlanandan soň, gaz geçiriji onýyllyklaryň dowamynda hasap boýunça 2 milliarda golaý ilaty bolan we çalt ösýän ykdysadyýetli iki subkontinentiň zerurlyklaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe Owganystanda 12 müňden gowrak täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.

«Mundan başga-da, biziň ýurdumyz Türkmenistan – Owganystan – Pakistan taslamasynyň çäginde elektrik energiýasyny bermegiň möçberlerini artdyrmak üçin zerur kuwwatlylyklara eýedir» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993