Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
17:14 10.05.2025 2321
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini, şonuň netijesinde bolsa tutanýerli, yhlasly zähmet çekmegiň, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygyny aýratyn belledi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri, hususan-da, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmak, nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, geologik-gözleg işlerini sanly tehnologiýalar esasynda häzirki zaman enjamlaryny peýdalanmak arkaly ýerine ýetirmek, alnyp barylýan iri taslamalary berk gözegçilikde saklamak babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdiler.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ýaş hünärmenleriň hünär derejeleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň, alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagynyň, howa şertlerine görä, netijeli işleri geçirmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdirilmeginiň, pudagyň garamagyndaky dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.
Türkmenistanda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek hakynda karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
5-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy
Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.