Moskwada geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisinde ýangyç-energetika toplumy, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisine taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökergeldi Atagulyýew 18-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, gün tertibine laýyklykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, ýangyç-energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, senagat, oba hojalygy, maliýe-bank toplumy, gümrük we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seretmek göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry ugurlary boýunça, şeýle hem işewür toparlaryň derejesinde hyzmatdaşlygy artdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary ýola goýan ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi. Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip we toparyň türkmen tarapyndan düzümi baradaky teklibi makullap, döwlet Baştutany wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.