Aşgabatda «ABŞ — Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň forumy geçiriler
05:22 06.12.2023 6385
5-7-nji dekabrda Aşgabada «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ABŞ — Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň forumy geçiriler. Şonuň çäklerinde ABŞ-nyň wekilleri Türkmenistana her ýylda däp bolan ýyllyk iş saparyny amala aşyrar diýip, ORIENT agentligi USTBC-e salgylanyp habar berýär.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň birnäçe ýokary derejeli Hökümet agzalary bilen "tegelek stol" görnüşli maslahatlaşmalar we ABŞ-nyň ilçihanasy bilen özara gepleşikler geçiriler.
«Ýyldyz» myhmanhanasynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşarlar. «ABŞ — Türkmenistan» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň düzümine “Climate Compass”, “Case New Holland”, “Honeywell”, Jon Dir, “Palo Alto Networks”, “Visa” we “Westport Trading Europe Ltd.” ýaly kompaniýalaryň wekilleri girer.
2023-nji ýylyň aprelinde birnäçe amerikan kompaniýalarynyň top-menejerleri Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda boldular. Şonda USTBC-niň ýerine ýetiriji direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi.
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen paýtagtynda Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi
6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.