Türkmen paýtagtynda Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi

20:09 08.08.2022 6528

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/5259/original-162f0af9326ae4.jpeg

6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça geçirilen bu ýöriteleşdirilen forum 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Bu gezekki halkara serginiň hem-de maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika ulgamlarynyň, himiýa senagatynyň, ýol gurluşygy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermekden, döwletimiziň haryt öndürijileriniň ägirt uly kuwwaty we mümkinçilikleri, daşary ýurtly gatnaşyjylaryň häzirki zaman enjamlary, täze tehnikalary, hyzmatlary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Dabara gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklarda bolşy ýaly, gurluşyk, senagat we energetika ulgamlarynda hem ägirt uly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belleýär.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan ägirt uly işler, sergi bölümleri ýerleşdirildi.

Ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan “Bouygues Turkmen”, “General Electric”, “Gap Inşaat”, “KSB”, “Rönesans”, “Sumitomo Corporation”, “Interbudmontaž”, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “Çalyk Enerji”, “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi hem-de beýlekiler gurluşyk desgalarynyň şekillerini, innowasion işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalary görkezdiler. Sergide suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş senagaty ugurlaryna möhüm orun berlipdir.

“Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat iş maksatnamasynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Onda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewürlik düzümleriniň wekilleri, birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalaryň hünärmenleri adaty görnüşde we sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak, önümçilige ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän enjamlary synagdan geçirmek boýunça giň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardyklaryny nygtadylar. Şunda ýurdumyzda häzirki zaman düzümleriniň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy esasynda innowasion işleri alyp barmak üçin döredilen şertleriň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Forumyň çäklerinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we işewürleriniň birnäçesiniň arasynda gol çekilen resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ECO-93 kysymly benzini satyn almak boýunça eksport şertnamalarynyň üçüsi, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň iri kompaniýalary bilen baglaşylan 3 import şertnamasy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Germaniýanyň “KSB Group” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Forumyň gün tertibine himiýa senagatynda ylmyň orny, ýurdumyzyň gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarlaryna ugradylyşy, önümçilige täze enjamlaryň ornaşdyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika diplomatiýasynyň ösüşi, elektroenergetika ulgamynda gaz turbinalary, energiýa tygşytlaýjy gurnamalary ulanmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy hem boldy.

Foruma gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.