Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisi 1-nji noýabrdan işläp başlar

10:06 22.10.2020 4603

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/941/original-15f8ea2fb540d4.jpeg

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Serginiň şu ýylyň 1-nji noýabryndan Internet ulgamynda öz işine başlamagy meýilleşdirilýär.

Bu taslamany işe girizmek babatda işler dogrusynda Ç.Gylyjow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklar, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlara çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olara gyzyklandyrýan maglumatlaryny gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň saýtlarynda elektron poçtanyň salgylaryny, telefon belgilerini we beýleki salgylanmalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanma bildirýän taraplaryň sanyny bilmäge mümkinçilik berer.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgerişlikleriň bolup geçendigini, giň gerimli işleriň geçirilip, uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Häzir Türkmenistan batly gadamlar bilen ösýän, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýan döwlet hökmünde dünýä giňişliginde tanalýar. Berkarar Watanymyzda giň gerimli taslamalar we netijeli başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky döwürde Internet ulgamynda ählumumy wirtual sergileriň sany tiz artyp, olara gatnaşyjylara öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.