Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylary bilen ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
15:19 10.07.2020 3783
17-nji iýunda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň iri möçberli nebitgaz taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.Duşuşygyň dowamynda ykdysady, maliýe we nebit-gaz ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekde ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýurdumyzyň iri nebit-gaz taslamalaryna maýa goýum serişdelerini çekmek meseleleri boýunça Türkmenistan bilen Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.Bu ugurda duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň iri kompaniýalarynyň arasynda özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerinde esaslandyrylan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigi barada aýratyn belläp geçdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.