Türkmenistanda 2020-nji ýylyň 9 aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 5.8% artdy
14:45 12.10.2020 6602
2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 5,8 göterim möçberde ýokary ösüşini saklap galdy. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow habar berdi
Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.
Şu ýylyň 9 aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22,2 milliard manada deň boldy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 259 desganyň 16-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 163-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, pandemiýa zerarly ýüze çykan häzirki kynçylyklara garamazdan, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleri dowam etmek zerurdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Wise-premýerlere garamagyndaky düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ýolbaşçylar bilen netijeli işleri alyp barmak tabşyryldy.
Prezident ozal kabul edilen ähli pudaklaýyn maksatnamalara hem gaýtadan seretmek barada görkezme berip, gynansak-da, aýry-aýry pudaklarda doly derejede ýolbaşça bagly bolan ençeme çözülmedik meseleleriň dowam edýändigini belledi.
Wise-premýerler dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine edýän täsirini azaltmak boýunça gysga we uzak möhletli çäreleri dowam etmeli diýip, türkmen Lideri nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagy has-da çaltlandyrmagyň wajypdygyny nygtap, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümet mejlisiniň barşynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda özleşdirilen we abadanlaşdyrylan nebitgaz ýataklaryny, esasy gaz geçirijileri, sport desgalaryny, howa menzillerini, ýollarydyr uly köprüleri, durmuş maksatly desgalary görkezmek bolar. TOPH gaz geçirijisini gurmak, şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmak hem işjeň alnyp barylýar.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.