Prezident Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna pudagyň işindäki kemçilikleri düzetmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy
12:01 12.10.2020 5802
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işinde bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine bagyşlap anna güni geçiren Hökümet mejlisinde belledi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 9 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, şu döwürde nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnamanyň 101,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,6 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 106,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106,9 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 123,6 göterim ýokary boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işinde bar bolan kemçiliklere ünsi çekdi.
Çig nebitiň çykarylýan möçberi artmaýar, onuň ýarysy eksporta gidýär. Şonuň bilen birlikde, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwaty uzak wagtdan bäri bary-ýogy 40 göterim möçberde ulanylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmen Lideri ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak barada aýdyp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýangyç-energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýyny seljermegi hem-de kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa käýinç yglan etdi.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.