Innowasiýalar we täze tehnologiýalar «Türkmennebit» bilen «Tatneftiň» netijeli hyzmatdaşlygynyň girewi

22:32 25.08.2020 5865

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/190/original-15f0702c6f065e.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserni öz işini, esasan, Türkmenistanyň günbatar sebitinde alyp barýar. BU ýerde nebit känleri jemlenendir. Olaryň aglabasy baryp XIX asyryň ahyrlaryndan senagat taýdan ulanylyp başlanypdyr.Bu sebitiň ähli känleri diýen ýaly, çylşyrymly geologiki şerleri bilen häsiýetlendirilýär, köp plastly gurluşa eýe, şol sanda onlarça aýry gorlar bar. Şulary nazara alyp, bu känlerden nebitiň çykarylyşyny işjeňleşdirmek üçin innowasion tehnologiýalaryň we ýokary netijeli enjamlaryň ornaşdyrylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.Şu maksat bilen «Türkmennebit» DK daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Netijede, RF-iň “Tatneft” kompaniýasy 2010-njy ýylda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Goturdepede nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de nebit çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazetiniň habar bermegine görä, geologiýa-tehniki işleriň geçirilmeginiň netijesinde 128 sany nebit guýularynda nebit çykaryş işleri täzelendi. Bu taslama $32 milliondan gowrak maýa goýuldy.2018-nji ýylyň dekabrynda “Türkmennebit” hem-de “Tatneft” 88 sany guýynyň abatlaýyş işlerini göz öňünde tutýan täze şertnama baglaşdylar. Şertnamanyň çäginde “Tatneft” kompaniýasynyň Balkanabat şäherindäki şahamçasy türkmen hünärmenlerini işe çagyrmak bilen 12 sany topar düzdi. Häzirki wagtda 48 sany ýerasty guýular işe girizildi. Bu taslama $30 milliona golaý maýa goýuldy.Bilelikdäki işiň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem türkmen hünärmenlerini taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bolup durýar. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri önümçilik işjeňligi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we häzirki zaman ylmy-tehniki çözgütleriň ornaşdyrylmagy bilen tanyşmak maksady bilen «Tatneftiň» Almetýewskidäki we Nižnekamskiýdäki önümçilik desgalaryna birnäçe gezek baryp gördüler.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.