HEA-nyň ýolbaşçylygy bilen onlaýn-duşuşykda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy
15:06 10.07.2020 4049
Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşykda Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda gurnalan duşuşykda halkara bazarlarynyň öwrülişiginde orta möhletleýin we uzak möhletleýin görnüşde çaklamalary taýýarlamak boýunça hem-de energiýa täsirliligini ýokarlandyrmakda we “ýaşyl” energetikada tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça gysga möhletli okuwlary gurnamak arkaly hünärmenleri taýýarlamak boýunça tekliplere seredildi.
Duşuşygyň ahyrynda energiýanyň alternatiw we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan öň, halkara maslahatlarynda we prezentasiýalarda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň potensial gory 71,2 mlrd tonna nebite barabar bolup, şonuň 53 mlrd tonnasy gury ýere, 18,2 mlrd tonnasy bolsa deňiz bölegine düşýär.
«Gafney, Cline & Associates» britan garaşsyz kompaniýasynyň hasaplamasyna görä, diňe «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň gory 27,4 trln kub metr tebigy gaz möçberinde bahalandyrylýar. Onuň senagat taýdan özleşdirilmegi iri möçberli turba geçiriji, infrastruktura we gazy gaýtadan işleýiş taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Häzirki wagtda Türkmenistan «mawy ýangyjyny» Hytaýa we Russiýa eksport edýär. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginde gurluşyk işleri alnyp barylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni gazy Ýewropa bazarlaryna eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär.
Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny ösdürmek bilen bir hatarda taýýar bolan gazhimiýa önümlerini öndürmek üçin gazy gaýtadan işlemeklik işi hem ýokary depginlerde alnyp barylýar. Netijede, Balkan welaýatynda Gyýanlyda her ýylda 5 mlrd kub metr gazy gaýtadan işlemäge we 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen polimer zawody hereket edýär.
Ahal welaýatyndaky Owadandepe diýen ýerde tebigy gazdan 600 müň tonna ECO-93 benzinini, şeýle hem 12 müň tonna arassalanan dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek üçin niýetlenen dünýäde ilkinji zawod işe girizildi.
Geljekde tebigy gazy gaýtadan işleýän we dürli görnüşli taýýar gazhimiýa önümlerini öndürýän täze desgalary gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.