Birža söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň we awiakerosiniň eksporty boýunça geleşikler baglaşyldy
19:34 24.08.2022 8083
22-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 5,4 mln dollaryna barabar bolan 12 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler ABŞ-nyň 3,1 mln dollaryna umumylykda 6 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Suwuklandyrylan gazyň bahasy geçenki söwdalar bilen deňeşdirilende 11,4% aşaklady we 1 tonnasy ABŞ-nyň 519 dollaryna deň boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri söwdalaryň barşynda ТС-1 awiasion kerosininiň 2 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy ABŞ-nyň 2,3 mln dollaryna barabar boldy. Nebit önüminiň bahasy geçenki söwdalar bilen deňeşdirilende 6,5% artyp, bir tonnasy ABŞ-nyň 1 müň 180,50 dollaryna barabar boldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.