Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy gaz ibermelerini hasaba alanyňda 1 milliard dollara ýetdi

14:59 10.07.2020 5531

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/182/original-15f06ff8999c6a.jpeg

Türkmen-russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, şol sanda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşi Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň žurnalistler üçin çarşenbe güni 12-nji iýunda bellenilýän Russiýa gününiň öňüsyrasynda geçiren brifinginiň esasy temalarynyň biri boldy.

«2019-njy ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 1,5 esse artyp, 695 million amerikan dollaryna, türkmen gazynyň iberilmegini hasaba alanyňda bolsa 1 milliard dollara barabar boldy» diýip diplomat aýtdy.

Aleksandr Blohiniň bellemegine görä, 2020-nji ýylyň birinji ýarymy hem özara haryt dolanyşygynyň artýandygyny görkezýär. Netijede, birinji çärýekde haryt dolanyşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,7 esse artdy.

Onuň belleýşi ýaly, bu ösüş täze iri taslamalaryň hasabyna üpjün edildi. Şol sanda, bellenilişi ýaly, «Возрождение» kompaniýasy Aşgabatda birnäçe gurluşyklary alyp barmak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy, «KaMAZ» Türkmenistanyň birnäçe pudaklary üçin dürli görnüşli tehnikalary getirýär. «Tatneft» «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlygyny dowam edýär. Russiýanyň zawodlary turbalary ibermek boýunça işleri alyp barýarlar.

«Ähli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady ulgamda, hususan-da, gaz ulgamynda biziň oňyn gatnaşyklarymyz bar» diýip ilçi «Gazpromyň» «Türkmengaz» DK bilen baglaşan şertnamasynyň esasynda türkmen gazyny satyn almagyny dowam edýändigini belledi.

Diplomat iki dostlukly ýurduň arasynda strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklamaga goşýan goşandy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

«Türkmenistan bilen şu günki gatnaşyklarymyzy men ýokary derejede, iň bolmanda, meniň ilçilik edýän döwrümde ýokary derejede diýip bahalandyrardym» diýip Blohin belledi.

Russiýanyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy barada aýdyp, ilçi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi.

«Biz ibermäge taýýar. Bu taslama üçin turbalary, enjamlary eýýämden iberip başladyk. Netijede, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegi üçin uly diametrli turbalaryň 90 göterimini rus kompaniýasy getirdi» - diýip Blohin belledi.

Diplomat şeýle hem bu taslamanyň birnäçe babatda bähbitli taraplaryny aýtdy. Türkmen tarapynyň birnäçe gezek nygtap aýdyşy ýaly, TOPH gaz geçirijisi Owganystandaky ykdysady ösüşi we ýagdaýy durnuklaşdyrmaga ýardam eder.

Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin RF-iň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge we köp ýyllyk asylly zähmeti üçin Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohini Hormat ordeni bilen sylaglamak hakynda karara gol çekdi. A.Blohin W.Putiniň karary bilen 2011-nji ýylda Türkmenistandaky ilçi hökmünde bellenilipdi.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.