Bäş aýyň jemine garaldy
14:47 10.07.2020 5474
8-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde toplumyň öňünde bellän wezipelerini durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen ýagdaý bilen baglylykda ilatyň arasynda arassaçylyk we öňüni alyş çärelerini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, toplumyň düzümlerinde geçen bäş aýyň dowamyndaky önümçilik görkezijileriniň, maliýe-ykdysady işiň ýagdaýy barada habar berdiler. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýleki pudaklar bilen birlikde nebitgaz toplumynyň öňünde bellän wezipeleri barada durup geçdi.Wise-premýer geçen bäş aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewe söz berdi. Ministr öz hasabatynda konserniň edara-kärhanalary tarapyndan ady tutulan döwürde önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy barada habar berdi. Konsern tarapyndan iri känlerde tebigy gazyň we ondan alynýan ugurdaş önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary gözlemek we ulanyşa bermek, öň bar bolan guýularyň önüm berijiligini güýçlendirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Hasabat ýygnagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy ª.Abdrahmanow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň we edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň geçen bäş aýynyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemi, öňde duran wezipeler barada çykyş etdiler. Hasabatlara görä, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda, şeýle hem Gyýanlydaky polimer zawodynda, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän toplumda önümçilikleriň depginini has-da güýçlendirmek ugrundaky işler maksatnamalaýyn dowam etdirilýär. “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň bellän wezipelerinden ugur alnyp, pudaga täze maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, önümçiliklerde ylmy we innowasion gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça işler giň gerime eýe bolýar. Hasabat ýygnagynda ýurdumyzyň täze ilatly ýerlerini gazlaşdyrmakda, awtoulaglary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa ýangyç bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary gözläp tapmak ugrundaky ylmy barlaglarynyň netijeleri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde geljekki hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Nebitgazhyzmat” müdirliginiň geçen döwürde gazanan maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky hasabatlar diňlenildi. Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýygnananlara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” bellän wezipelerini durmuşa geçirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.