OPEС+ boýunça oňaýly yşaratlara garaşmanyň netijesinde nebitiň bahalary ýokarlanýar
10:28 10.07.2020 8762
Nebiti öndüriji döwletleriň Russiýa we Saud Arabystany bilen bilelikde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmekligiň häzirki derejesini 1-nji sentýabra çenli uzaldyp bilmek mümkinçiligi baradaky habarlaryň çäginde nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Interfaks belleýär.OPEC+ ministrleriniň duşuşygy 4-nji iýundan 9-njy iýuna süýşürildi, diýip The Wall Street Journal neşiri çeşmelere salgylanyp habar berdi.«Brent» söwda belgili nebitiň awgust boýunça fýuçersleriniň bahasy sişenbe güni 38,64 dollara deň boldy. Bu görkeziji deslapky söwda sessiýasyndakydan 0,84 göterim ýokarydyr. Duşenbe güni şertnamanyň bahalary 1,3 göterim gymmatlap, 38,32 dollara deň boldy.«WTI» nebitiniň fýuçersleriniň bahalary 0,51 göterim ýokarlanyp, 35,62 dollara ýetdi. Duşenbe güni şertnamalaryň bahasy 0,1 göterim aşaklap, 35,44 dollara deň boldy.Aprel aýynda OPEC+ ýurtlary koronawirus pandemiýasy şertlerinde ählumumy islegiň düýpli pese düşmegi netijesinde iki ýyl möhlet bilen nebitiň çykarylyşyny nobatdaky gezek çäklendirmek hakynda ylalaşdylar.Ylalaşyga laýyklykda, 2018-nji ýylyň oktýabryndaky dereje bilen deňeşdirilende (Russiýa we Saud Arabystany üçin aýratyn hasap binýatlary bellenildi – 11 mln b/g) OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebitiň çykarylyşy maý-iýun aýlarynda 9,7 mln b/g (23 göterim) çäklendiriler, ondan soň bolsa, çäklendirme depgini haýalladylar. Netijede, iýun aýyndan 2020-nji ýylyň ahyryna çenli çäklendirme 7,7 mln b/g (18 göterim), soňra 2022-nji ýylyň maýyna çenli – 5,7 mln b/g (14 göterim) bolar.WSJ-niň maglumatlaryna görä, Saud Arabystany nebitiň çykarylyşyny çäklendirmegiň häzirki depginini (9,7 mln b/g) şu ýylyň ahyryna çenli saklap galmak isleýär. Şol bir wagtda Russiýa çäklendirmäniň depginini 1-nji iýuldan gowşatmak isleýär.Taraplar nebit çykarylyşynyň çäklendirilmeginiň häzirki depginini 1-nji sentýabra çenli saklap galmak boýunça aralyk ylalaşyp boljak mümkinçiligi gözleýärler, diýip çeşme belleýär.«OPEC+ nebit çykarylyşynyň bilelikde çäklendirilmegine ymtylmasyny dowam edýän wagtyna çenli bahalar has ýokary diapazonlarda saklanar» - AxiCorp-yň bilermenleri belleýär.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.