Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
15:19 10.09.2020 10241
2020-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre dabaraly ýagdaýda geçirildi. Gatnaşyjylar eseriň esasy manysyny şöhlelendirýän çykyşlaryň birnäçesini diňlediler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew kitabyň aýratynlyklary, onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki esasy orny barada aýtdy. Bu eseriň ýaş nesli ynsanperwerlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işinde ýolgörkeziji bolup hyzmat etjekdigi barada bellenilip geçildi.
Çäräniň dowamynda çykyş eden Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Kuçkarow bu eseriň Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň iň täsirlisi we meşhury bolandygyny nygtap, onuň türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsini açyp görkezýändigini, milli däp-dessurlarynyň aýratynlyklaryny şöhlelendirýändigini we ýaşlary ruhy ahlak taýdan terbiýelemekde esasy gymmatlyk bolup durýandygyny nygtady.
Şeýle-de tanyşdyryş dabarasynda BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi çykyş etdi. Ol bu eseriň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan wajyplygy barada gürrüň berdi.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» - bu kitap türkmen halkyna mahsus bolan ýokary ynsanperwerlik ýörelgeleri, belent adamkärçilik, Watana bolan wepalylyk we päk ahlaklylyk baradadyr. Awtor ata-babalarymyzyň wesýet eden taglymatlaryny, öwütlerini gorap saklamaga we parahatçylyk, hoşniýetlilik, birek birege sarpa goýmak ýoly arkaly ählumumy ösüşe çagyrýar. Bu ýerde şeýle-de adamzadyň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy gorap saklamaklygyň wajyplygy barada aýdylýar.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.