TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilmegini dowam edýär

10:38 03.09.2020 5386

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/594/original-15f4f85094cf54.jpeg

2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwlet konserninden wekil M.Amanow dagylar gol çekdi. Duşuşyga şonuň ýaly-da OYR-nyň Magdan we nebit önümler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.H.Çahansuri hem gatnaşdy.

«Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ýurtlary we tutuş dünýä üçin energiýa howpsuzlygyny hem-de zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak zerurdyr.

Bu geljegi uly taslama OYR-nyň üsti bilen energiýa serişdeleriniň Günorta Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna eksport edilmegine ähmiýetli mümkinçilikleri döredýär. Bu taslama şol bir wagtyň özünde goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna hemmetaraplaýyn sazlaşykly integrirlenmegine gönükdirilendir.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.