Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň alty aý boýunça işiniň netijeleri jemlenildi
15:50 14.07.2021 7126
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak ulgamynda hem-de nebiti gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 130,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnama 114,9 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 115 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 123,4 göterime, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň ösüşi bolsa 137,2 göterime deň boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça polietileniň we polipropileniň, «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça bolsa nebitiň çykarylyşynyň azalandygyny belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda käbir nebit önümleriniň öndürilişi peseldi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasynyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy hem-de çig nebitiň, gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini häzirki zaman tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly artdyrmagy tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow nebit guýularyny abatlamak işlerini öz wagtynda geçirip, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz ugradylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň bu önüm bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhanalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmek zerurdyr.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak wajypdyr. Prezident innowasion tehnologiýalar arkaly Hazar deňziniň geljegi uly bolan kenarýaka sebitlerinde alnyp barylýan geologik gözlegleri işjeňleşdirip, täze ýataklary açmak we özleşdirmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany bu işe öňdebaryjy iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, iki aý möhletde degişli teklipleri hödürlemek barada görkezmeleri berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.