Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler

12:59 04.04.2025 1745

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13672/original-167ee33c1abeb1.jpg

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Emir Turki bin Mohammed Al Saudyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hataryndadyr.

Döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli iş alyp barmak üçin hemişe açyk bolup, häzirki wagtda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany Patyşalygy tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtlardyr. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de olary dünýä bazarlaryna ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.