Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi

23:05 01.06.2021 3553

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2299/original-160b6759fe3dab.jpeg

Duşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai wekilçilik etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşigiň dowamynda iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalara syn berildi, şeýle-de nebitgaz, gazhimiýa we gaýtadan işleýän senagat pudaklaryndaky, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna seredildi.

Taraplar özara hormat goýmaga, gyzyklanmalara we deňhukuklylyga esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Şu nukdaýnazardan, ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar, hususan-da, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawody, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Garabogazda karbamid öndürýän zawody, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawody barada bellenilip geçildi. Lebap welaýatynda döwrebap gaz turbinaly elektrostansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi barada aýdyldy.

Taraplar dünýädäki häzirki ykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen, öňdebaryjy maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça edilmeli indiki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.