Türkmenistanyň Prezidenti we SOCAR kompaniýasynyň ýolbaşçysy «Dostluk» ýatagyny özleşdirmek boýunça taslamany maslahatlaşdylar
21:35 14.05.2021 3924
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew bilen geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Hususan-da, gürrüň Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek hakynda boldy.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda bu ýatagyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi ynanyşmak hem-de birek-biregi hormatlamak ýörelgelerinde guralýan hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň beýanyna öwrüldi.
Döwlet Baştutany hem-de myhman Hazar meseleleriniň bu sebiti parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çarşenbe güni, Aşgabatda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda Azerbaýjan Respublikasynyň “SOСAR Trading S.A” döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistana türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak üçin «Günorta gaz geçelgesiniň» mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny belledi.
Ol şeýle hem, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň «Dostluk» ýatagyny bilelikde işläp taýýarlamak boýunça işleri üstünlikli alyp barýandyklaryny belledi.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.