Geçen hepdäniň birža täzelikleri
02:38 26.08.2020 5116
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Russiýadan we beýlekilerden gelen täjirler ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna düz boýalan we tüýjümek önümler, jinsi matalar, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 334 müň dollaryndan gowrak boldy.Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Ermenistandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 17 million 850 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny, buýan köküniň şiresini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 380 müň manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polipropileni we polietileni («Türkmengaz» DK) we pagta süýümini satyn aldylar.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.