Türkmenistanyň we HHR-iň Liderleri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

10:47 10.05.2021 7602

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2154/original-16094cc2a436b8.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halkara giňişlikde utgaşykly özara hereketleri ilerletmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Si Szinpin soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berip, türkmen tarapynyň ony mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Däp bolşy ýaly, şol hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar.

Söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, dokma we himiýa senagaty hem-de beýleki köp sanly ulgamlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Olar boýunça tagallalary birleşdirmegiň uly mümkinçilikleri bardyr.

Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda eýýäm bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi, ilkinji nobatda bolsa, üstünlikli ulanylýan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bilen baglanyşykly taslama amala aşyryldy. Bu gün şol gaz geçiriji boýunça türkmen tebigy gazy HHR-e iberilýär.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary netijeli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny tassyklap, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gepleşikleriň gadymy dostlugyň binýadyna esaslanýan köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Taraplar bu ugurda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi hem-de pandemiýa garşy durmakda toplanan tejribäni alyşmagy göz öňünde tutýandyklaryny tassykladylar.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.