Gazlift usuly bilen hereket edýän nebit guýulary «mawy ýangyç» bilen durnukly üpjün edilýär

10:47 21.04.2021 10605

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2056/original-1607e7b929c3c2.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Gazy toplamak we paýlamak boýunça Balkanabat müdirliginiň hünärmenleri Hazaryň kenaryndaky gaz kompressor beketleriniň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler.

Şu ýylyň geçen üç aýynda müdirligiň düzümine girýän gaz kompressor beketlerinde 961 mln 82 müň kub metr «mawy ýangyç» taýýarlanyldy we sarp edijilere iberildi. 

Balkan welaýatynyň Barsagelmez meýdançasynda iş alyp barýan «Barsagelmez» gaz kompressor bekediniň hünärmenleri gazlift usuly bilen hereket edýän nebit guýularyny ýeterlik mukdarda «mawy ýangyç» bilen üpjün edýärler.

Şu ýylyň başyndan bäri guýulara 376 mln 598 müň kub metr tebigy gaz taýýarlanyldy we iberildi. Şeýlelikde, bu sebitde 119 müň tonna «gara altyn» çykaryldy.

Başga makalalar
167ef73cc8e564.jpg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar

3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.


1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


167ee33c1abeb1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


163186277513ce.jpeg
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.


167ef7d8e98a24.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.