TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky Konsepsiýa gol çekildi
14:32 19.04.2021 8608
Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri geçen hepde geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygy üpjün etmek baradaky Howpsuzlyk Konsepsiýasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Bu resminama «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekildi.
Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir alşyldy. Taraplar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň görkezmesi esasynda 2021-nji ýylyň awgust aýynyň soňunda geçirmegi meýilleşdirilýän çäreleriň dabaraly geçirilmegi üçin degişli işleriň alnyp barylmagy barada nygtadylar.
E.Ebad bu Konsepsiýa TOPH gaz geçiriji taslamasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňde duran işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine, şol sanda Kabul ediji tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygyň (HGA) goşundylary bolan Howpsuzlyk meýilnamasynyň we teswirnamasynyň işlenip taýýarlanmagyna uly ýeňillik döretjekdigi nygtaldy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.