Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň iki palataly parlamentiniň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
09:32 19.04.2021 8273
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde eden çykyşynda onuň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
— Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny biziň milli tejribämize, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär – diýip döwlet Baştutany belledi.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.
Bu işler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we ýokarlandyrmaga, depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Senagatyň, maýa goýumlarynyň we innowasion işiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegi göz öňünde tutmalydyr. Netijeli býujet, salgyt, bank syýasatyny alyp barmalydyr hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamalydyr – diýip Prezident belledi.
Bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek önümçiligiň çalt hem-de durnukly ösüşini talap edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi, hojalygy dolandyrmagyň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagy talap edýär.
Ýangyç-energetika toplumynyň we beýleki möhüm pudaklaryň, şol sanda dokma we himiýa senagatynyň, gurluşyk pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmek boýunça işleriň depginini çaltlandyrmagy hem göz öňünde tutýar.
Ylym, bilim, sanly ulgam, medeniýet, syýahatçylyk, sport we ýaşlar syýasaty babatda kanunçylygy kämilleşdirmek hem Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň täze düzüminiň öňünde biziň milli baýlyklarymyzy goramaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işini alyp barmak boýunça hem uly wezipeler durýar.
Halk Maslahatynyň halkara meselelere degişli geçirýän köptaraplaýyn işi-de möhüm orny eýeleýär – diýip döwlet Baştutany belledi.
Biz halkymyzyň düýpli bähbitlerinden ugur alýarys, bu bähbitler döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk daýanjydyr, öz Garaşsyzlygymyzy goramagy üpjün edýändir.
Bize goşulyşmazlyk düzgünlerine eýerýän, döwlet Garaşsyzlygymyzy hormatlaýan, deňhukuklylyk we özara bähbitli garaýyşlary ileri tutýan hyzmatdaşlar zerurdyr.
Şoňa görä-de, häzirki döwürde döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esaslaryny anyk kanunçylyk taýdan goldamak zerur bolup durýar. Biz daşary ýurt firmalaryny we kompaniýalaryny bilelikde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrmak syýasatyny alyp barýarys. Biz geljekde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz üçin kanun esasynda amatly maýa goýum şertlerini döretmegi dowam ederis. Kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkideris, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdireris we beýleki çäreleri amala aşyrarys – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.