Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi
10:16 14.04.2021 7841
Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, Türkmenistana göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Hökümet mejlisinde belledi.
Şunuň bilen baglylykda, jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam edýändigini belledi.
Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär.
Hususy pudagy ösdürmegi goldamak, ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçileri giňden çekmek syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek işleri dowam edýär diýip, türkmen Lideri belledi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzy 2021 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi, şeýle hem esasy baýramlara — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, şeýle hem baky Bitaraplyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.
Şu ýyl biz işimizi, esasan hem, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alyp barmalydyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Garaşsyz döwletimiziň ýubileýi her şäherde, her obada gurlan ähli täze binalar we desgalar bilen ýatda galmalydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerlere ýokarda agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde hasabat bermegi, welaýat häkimlerine bolsa sanly ulgam arkaly geçirilýän her iş maslahatynda hasabat bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberlerini artdyrmak boýunça syýasatymyzyň dowam etmegi zerurdyr.
Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri alyp barmak, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmak bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şonuň ýaly-da, pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmak, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wajypdyr. Hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreler görülmelidir.
Döwlet Baştutany nebitgaz we oba hojalygy ýaly möhüm ugurlarda işiň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, wise-premýerler Ş.Abdrahmanowa we E.Orazgeldiýewe birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.