Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy

12:16 31.03.2021 6482

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1940/original-16062c176170f7.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Hökümet mejlisinde habar berdi.

G.Myradow 28-nji martda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi. Umuman, Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär hasaba alyndy. Şeýlelikde, saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda geçirildi — 48 mandatyň her birine ildeşlerimiziň aýratyn hormat-sarpasyna mynasyp bolan 2-3 adam dalaşgärlik etdi.

Ses bermeleriň netijelerine laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi tassyklanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam — her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27 göterimini zenanlar düzýär.

Mejlisiň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy üçin saýlawçylaryň ýüz göteriminiň ses berendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisine gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de täze parlament düzüminiň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli gutladylar.

Taryhy ähmiýetli waka öwrülen hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli parlamentiň iki palataly ulgamyny döretmek barada başyny başlan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.