Belent maksatlar halkyň abadançylygyna gönükdirilýär
09:21 17.03.2021 4537
«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazaragatnaşyk» müdirliginde «Zähmet kanunçylygynyň esaslary» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy we Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen maslahatda mazmunly çykyşlar edildi.
Çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň ähli künjekleriniň sazlaşykly ösüşi, Aşgabat şäherini ösdürmegiň strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylyşy barada durup geçdiler
Döwlet Baştutanynyň tagallasy netijesinde edaralarda, önümçilik düzümlerinde zähmet köpçüligi üçin döredilýän amatlyklar, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzy ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak maksadynda täze kärhanalaryň gurulýandygy, raýatlaryň zähmete bolan hukuklary, iş orunlarynda howpsuzlygyň üpjün edilişi, işgärleriň we hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, saglygyny berkitmegiň, talabalaýyk dynç almagynyň ýokarlandyrylyşy hakynda hem nutuklar diňlenilip, özara pikir we sorag-jogap alşyldy.
Guramaçylar tarapyndan şeýle maslahatlar «Türkmengaz» DK-nyň Harbylaşdyrylan «Nebitgazhowpsuzlyk» müdirliginiň Gaz-tehniki gözegçilik gullugynda, «Türkmengazawtomatika» müdirliginde, Geologiki maglumatlar merkezinde, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginde, «Türkmengazgeofizika» müdirliginde hem geçirildi.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.