Maý aýynda Aşgabatda OGT — 2021 maýa goýum halkara forumy geçiriler

21:28 16.03.2021 4574

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1848/original-1604f05121160f.png

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» (OGT 2021) – Halkara maýa goýum forumy 2021-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda geçiriler. Bu barada çäräni guraýjylaryň web sahypasynda habar berilýär.

Bu forum «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «Turkmen forum» we «GaffneyCline» (Beýik Britaniýa) kompaniýalar topary bilen bilen bilelikde guralar. Halkara forumy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek, Türkmenistanyň döwlet düzümleri bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen abraýly iş forumyna öwrüler.

Forumda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri, iň täze nebithimiýa taslamalary we taslama mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumat berler we dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary öz tejribelerini paýlaşarlar.

Forumyň barşynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşindäki ählumumy tendensiýalar, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi we ş.m. meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem tejribe alyşmak  hem-de Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän esasy taslamalaryň derejesi barada gatnaşyjylary habarly etmek üçin prezentasiýalar we panelleýin gepleşikler meýilleşdiriýär.

Foruma Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň, öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, şeýle hem iri halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Däp bolan formatdan başga-da, Zoom Professional platformasynyň binýadynda onlaýn görkezişi guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklary geçirmekde şu iki usuldan — onlaýn hem janly gepleşikden peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Forum barada has giňişleýin maglumat guramaçylaryň web sahypasynda berlendir: www.ogt-turkmenistan.com

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.