Asylly işler
Häzirki zaman
dünýäsiniň iň bir kämil desgalarydyr enjamlaryna eýe bolan «Türkmennebit»
döwlet konserniniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri Garaşsyz
Diýarymyzyň esasy ýerasty baýlyklary bolan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň»
çykarylýan möçberleriniň durnukly artdyrylmagyna mynasy
Bu öňdebaryjy
müdirlikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynyň geçen döwründe hem oňat netijelere eýe bolundy. Has takygy,
kärhananyň hünärmenleri dag jynslarynyň jemi 11 müň 994 metre barabaryny gazyp,
önümli guýularyň üçüsini ulanyşa berdiler.