Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ankarada birnäçe duşuşyklary geçirdi

17:07 25.02.2021 4208

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1714/original-16035f0667d8a5.jpeg

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen, 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine gulluk iş sapary bilen ugradylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

23-nji fewralda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan kabul edildi.

Şol gün Ankarada Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Mewlüt Çawuşoglunyň arasynda daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeler geçirildi. Ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Türkiýe halkara derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy, şeýle-de iki döwletiň maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.

Gepleşikler jemleri boýunça Ministrler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021–2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.