Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
20:55 19.02.2021 3513
2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8,6 göterim ýokarlandy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen çarşenbe güni geçiren duşuşygynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemekden ybaratdyr.
Dürli ugurlarda gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň, şeýle hem geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen “Türkmenistan-Özbegistan” işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisiniň işine oňyn baha berildi.
Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ilkinji nobatda, täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdiler.
DIM-niň ýolbaşçysy A.Kamilowyň nygtaýşy ýaly, Özbegistan türkmen Lideriniň öňe süren Aziýanyň we Ýewropanyň, Ýakyn hem-de Uzak Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Şol başlangyçlar halkara üstaşyr ýük akymlaryny köpeltmäge, durnukly ösüşe, Merkezi Aziýa we serhetdeş sebitleriň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.
Myhman geçen ýyl COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýüze çykan dünýäniň umumy ykdysady çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň gazanan ykdysady üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de bellenilen umumy meýilnamalaryň we taslamalaryň geljekde hem üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirdi.
Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar (ISMI) institutynyň saýtynda neşir edilen maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara haryt dolanyşygy 527 mln dollara deň bolup, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 esse ýokarlandy (177 mln dollar).
Şeýle hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň ýangyç-energetika toplumynda sebitara hyzmatdaşlygyny berkitmäge ymtylýandygy bellenilip geçildi. 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi bu ugurda özara hyzmatdaşlygy alyp barmaga ýardam edýär.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.