Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

11:20 28.02.2026 2602

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16405/original-169a13d306014d.jpg

26-njy fewralda Londonda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy dialogy çuňlaşdyrmagyň, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa formatynda ilkinji ministrler duşuşygyny geçirmek başlangyjy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirip, onuň Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýan döwründe aýratyn ähmiýetlidigini belledi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählumumy howplara netijeli jogap berip bilýän durnukly hem-de bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Britaniýa bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Esasy hyzmatdaşlyk ugurlarynyň hatarynda energetika we dekarbonlaşdyrmak, şol sanda nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de täzelenýän energetikany ösdürmek, Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmünde tejribesini ulanmak arkaly maliýe we söwda tehnologiýalary, hukuk, konsalting we audit hyzmatlaryny öz içine alýan hünärmen derejesindäki hyzmatlar, şeýle hem ulag-logistika ulgamy we sebitiň üstaşyr mümkinçiliklerini berkitmek ýaly ugurlar görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda ministr täze formatyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn esasda işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny, hyzmatdaşlygyň anyk hem-de özara bähbitli netijelere gönükdiriljekdigini tassyklady.

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.