Abu-Dabi Ösüş gaznasy Türkmenistanda gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmäge gatnaşar

10:02 05.02.2021 5360

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1592/original-1601be42f0f07b.jpeg

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Ösüş gaznasy (ADÖG) we Türkmenistanyň Hökümeti iki ýurduň möhüm pudaklaryna maýa goýumlary üçin üç sany özara düşünişmek ähtnamalaryna gol çekdiler, diýip ORIENT agentligi habar berýär.

Resminamalaryňda birinde Türkmenistanda poliwinil asetat öndürmek üçin (175 million ABŞ dollaryna) himiýa senagaty toplumyny, şeýle hem NPK önümçiligi ( 18 million ABŞ dollary) boýunça toplumy döretmek taslamasynyň maýa goýum mümkinçiliginiň öwrenilmegi göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ADÖG-niň arasynda 100 mln ABŞ dollary bolan maýa goýum kompaniýasyny döretmek hakynda ähtnama gol çekildi. Başlangyç tapgyrda taraplar 8 mln dollar maýa goýmagy bellediler.

Iki ýurduň Hökümetleriniň derejesinde Türkmenistandaky taslamalary maliýeleşdirmek hakynda hem bir Ähtnama gol çekildi. Munda geçirijilik ukyby sagatda 100 ýolagçy we bahasy 75 mln dollar boljak Jebeldäki howa menziliniň toplumyny we dikeldilýän energetika ulgamynda 25 mln dollarlyk taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

ADÖG-niň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, Abu Dabide gaznanyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarow Ähtnamalara gol çekdiler.gol çekilen resminamalarda görkezilen taslamalaryň jemi bahasy $393 mln.

Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewi kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde BAE bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň barha ösýändigini nygtap geçdi.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.