Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň 7-nji mejlisine gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar
10:15 15.11.2025 3024
Brýusselde Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Foruma sebit ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistana Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi S. Pälwanow wekilçilik etdi. Bu barada 13-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ösüş, sebitleýin baglanyşyk, ynsanperwer goldaw hem-de sebitiň durnuklylygyň we abadançylygynyň bähbidine Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň amaly formatlary ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy Owganystanyň durnukly ösüşiniň sebit howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny, muňa ýetmegiň iň netijeli ýolunyň bolsa ykdysady goşulyşma, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de ýerlerde ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen anyk infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydygyny nygtady.
Duşuşygyň öňüsyrasynda, 11-nji noýabrda, Türkmenistanyň wekiliýeti ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs hem-de ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Žil Bertran bilen iş duşuşygyny geçirdi. Ýewropa tarapy Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň aýratyn ähmiýetini belläp, sebit ýurtlarynyň owgan ugry boýunça durmuşa geçirýän amaly ädimlerine uly gyzyklanma bildirdi.
Duşuşygyň merkezi meseleleriniň hatarynda suw gün tertibi, serhetýaka hyzmatdaşlygy hem-de energetika we ulag baglanyşygy boýunça iri infrastruktura taslamalary boldy.
Hususan-da, TOPH gaz geçirijisi ýaly möhüm taslama aýratyn bellenildi. Şeýle hem, elektrik energiýasyny geçirmek boýunça beýleki infrastruktura ugurlary, şol sanda gol çekilen ylalaşyklaryň çäklerinde Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy şeýle ädimleriň serhetýaka welaýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyny durnuklaşdyrmak, jemagat hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçilik üçin täze mümkinçilikleri döredilmek üçin amaly ähmiýetini nygtady.
Ynsanperwer ugurda Türkmenistan owgan halkyna elektrik energiýasy we ilkinji zerurlykdaky harytlar boýunça kömek bermegi, şeýle hem bilim mümkinçiliklerini giňeltmegi dowam etdirýär.
Brýusselde geçirilen gepleşikler Owganystana degişli giň gerimli meseleler boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini tassyklady.
Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň 7-nji mejlisiniň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça meýiller tassyklandy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.