Türkmenistanyň Prezidenti italýan işewürlerine strategik ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga geçmegi teklip etdi

10:46 28.10.2025 3372

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/15443/original-168ff13319fa69.jpg

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Italiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edip, Türkmenistanda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti italýan işewürlerine energetika we ulag ýaly strategik ugurlarda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga geçmegi teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Energetika we ulag ýaly möhüm strategik pudaklara aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ulag-üstaşyr infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

“Türkmenistan energiýa serişdelerini günbatar ugry boýunça ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu mesele boýunça italýan hyzmatdaşlar bilen içgin dialoga taýýardyrys. Şunuň bilen birlikde, energiýa serişdeleriniň diňe çig malynyň eksporty bilen çäklenmezligi teklip edýäris” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Serdar Berdimuhamedow italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge we olara gatnaşmaga çagyrdy. Munuň üçin anyk şertler döredilýär. Hususan-da, Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawat elektrik stansiýasy gurulýar.

Şeýle hem biz italýan hyzmatdaşlar bilen “Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça işlemäge” taýýarlyk mälim edildi.

“Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly hem-de abraýly agzasy hökmünde Italiýanyň Ýewropa bilen inklýuziw energiýa dialogyna goldaw berjekdigine umyt edýäris. Biz energetika syýasatymyzyň Ýewropa ugruny işjeňleşdirmek üçin özara düşünişmäge esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ulanmak isleýäris. Bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň düýpli, uzak möhletleýin maksatlarynyň gabat gelýändigine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

“Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ol Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler. 2024-nji ýylda “ProBusiness”, “Chimec” we “Comair” kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşyldy.

Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar — Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berýäris. Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler. 

“Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça Hazarüsti ýük daşamalar üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, italýan kompaniýalaryna bu iri taslama gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris diýip, döwlet Baştutany belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

“Türkmenistan Italiýa özüniň ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar we onuň bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär. Biz häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin anyk mümkinçilikleriň açylýandygyny görýäris we ähli ugurlar boýunça giňişleýin dialoga taýýardyrys” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şeýle çemeleşme ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de geljegine, şeýle hem dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki zaman meýillerine garaýyşlarda özara düşünişýändigimiz bilen şertlendirilendir.

“Men şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn. Hormatly dostlar, sizi giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrýaryn” diýip döwlet Baştutany çykyşyny jemledi.

Başga makalalar
167ee78cf1f1f5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.


16317196568665.jpeg
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


167ee33f4408f5.jpg
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


16316ee907f1fc.jpeg
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz

Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.


167ee33c1abeb1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.