«Ýaşyl» energetika we ylym
19:51 20.10.2025 2221
Ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän «ýaşyl» energetika bütin dünýä, şol sanda Türkmenistan üçin geljegi uly ugurlaryň biri bolup, onuň ösdürilmeginde we kämilleşdirilmeginde ylmyň orny uludyr. Häzirki döwürde ylmyň dürli ugurlarynda gaýtadan dikeldilýän tebigy serişdeleriň, ýagny Günüň, ýeliň, suwuň, geotermal çeşmeleriň energiýasyny, bioýangyjy öndürmek, saklamak we geçirmek, energetiki önümçiligiň netijeliligini, energiýanyň elýeterliligini artdyrmak, ýel turbinalary, Gün panelleri ýaly möhüm desgalaryň gurluşyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça tehnologiýalar işlenip düzülýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, energiýa serişdelerini tygşytlamak we ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen işler bilen bir hatarda, energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek ugrunda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
«Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» energetika ulgamyny birnäçe ugur boýunça ylmy esasda ösdürmek ileri tutulýar. Geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýanyň tehnologiýalaryny döretmek, ýel energiýasynyň enjamlaryny, Gün fotoelektrik beketlerini, Gün ýylylyk elektrik stansiýalaryny, bioenergetikany, bioýangyçlaryň ikinji we üçünji nesillerini, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň gibrid ulgamlaryny peýdalanmak meýilleşdirilýär. Strategiýada kesgitlenişi ýaly, elektrik üpjünçiliginiň «akylly» torlary ösdüriler, şeýle hem energiýa önümçiligi we energiýany ulanmak baradaky maglumatlary ýygnamak üçin ulanylýan maglumat tehnologiýalarynyň esasynda elektrik üpjünçiliginiň döwrebaplaşdyrylan tory ulanylar. Wodorod energetikasyny we ýangyç elementlerini ulanmak arkaly energiýany saklamagyň tehnologiýalary, elektrik batareýalaryň önümçiligi üçin täze materiallar, elektrik energiýasyny uzak aralyklara az ýitgi bilen geçirmäge mümkinçilik berýän täze elektrik we geçiriji üzňeleşdiriji materiallar ulanylar. Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň (şol sanda bioenergetikanyň, ýel energetikasynyň, Gün energiýasynyň) tehnologiýalarynyň ulanylmagy giňeldiler.
Bulardan başga-da, işjeň — adaptiw intellektual elektrotorlaryň ösmegini öz içine alýan smart-energetika tehnologiýalaryny girizmek, ýylyň dowamynda ýokary elektrik energiýasyny, ýylylygy, sowuklygy almagyň netijeliligini artdyrmagy göz öňünde tutýan ýokary tehnikalary we tehnologiýalary ulanmak meýilleşdirilýär. Bu ugurlarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, Himiýa institutynda, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň ähmiýeti uludyr. Olarda ylmyň ileri tutulýan nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika ugurlary boýunça innowasion ylmy-barlaglaryň esasynda bäsdeşlige ukyply, material we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalar hem-de innowasiýalar işlenip taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda alternatiw energiýa çeşmelerini ulanyp, «ýaşyl» energetikany ösdürmek babatda ylmy-tehnologik barlaglar ýerine ýetirilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmek boýunça ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak hakynda geljegi uly başlangyçlar öňe sürülýär.
«Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa» işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «ýaşyl» energetikany ösdürmek maksady bilen, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar we pugtalandyrylýar. Muňa Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy mysal bolup biler. Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde guruljak ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün eder.
2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 26-njy maddasy «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işleriň ylmy, ylmy-tehniki we innowasion üpjünçiligi» diýlip atlandyrylýar. Onda kesgitlenişi ýaly, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işleriň ylmy üpjünçiligi bu ugurda ylmy barlaglary geçirýän ylmy edaralar we ýokary hünär bilimi edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Gurluşlary öndürmek we ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda işleriň ylmy-tehniki we innowasion üpjünçiligi pudaklaýyn, döwlet, döwletara, şeýle hem sebitleýin maksatnamalara, innowasion we beýleki maksatnamalara laýyklykda amala aşyrylýar.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlary hakynda maglumatlar bilen üpjün etmek, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmaklyga jemgyýetçiligi çekmek we bu ugurda ylmy-tehniki mümkinçiliklerden peýdalanmak döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleridir. Ýurdumyz gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda okuwlary guramaga we ylmy-tehniki ösüşe ýardam bermäge, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça halkara taslamalara gatnaşmagy üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ylmy-amaly maslahatlardyr innowasion tehnologiýalaryň we enjamlaryň sergilerine hem işjeň gatnaşýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 14-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berlişi ýaly, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çäreler görülýär. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda döwletimiz tarapyndan energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyz howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda «Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň» taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady.
Bu işler ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi. Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Selbi ÝUWŞANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK daşary ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy
14-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Prezident: Türkmenistan ýaponiýaly işewürlere özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ähli şertleri hödürlemäge taýýar
Ýaponiýa bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertler bar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýapon işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belledi.