Gün panelleri «ýaşyl» energiýanyň ornuny tutar

14:13 15.09.2025 2261

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14992/original-168c7d8ad7b123.jpg

Zeminde ýaşaýan ähli halklaryň abadan, howpsuz geljeginiň üpjün edilmeginden gelip çykýan möhüm wezipeler dinňe bir biziň ýurdumyzda däl, tutuş dünýäde alnyp barylýan ylmy-tehnologik özgertmelerde hem öz beýanyny tapýar. Daşky gurşawa goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň hapalanma derejesi ýanýan ýangyjyň görnüşine bagly. Mysal üçin, 1990-njy ýyllaryň ylmy maglumatlaryna ser salsak, kömür ýananda atmosferany hapalama derejesiniň 80 göterime, mazut ýananda 60, tebigy gaz ýananda 20 göterime ýetýänligi agzalýar. Bu sanlar häzirki döwrüň ösen tehnologiýasynda has azalanlygy düşnüklidir.

Dünýäde daşky gurşawy aýawly saklamak bilen bagly tagallalar has arassa, zyýansyz energiýa çeşmelerden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ösen tehnologiýa elektrik energiýasyny Günden we ýelden almagyň adaty usullardan has arzan bolmagyna sebäp bolýar. «Global Energy Monitor» atly maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, Ýer togalagyndaky ýurtlarda geçen bäş ýylyň içinde, çig malyň gutarmagy sebäpli jemi 312 kömür şahtasy ýapylypdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda kömür çykarylan bu ýerleriň umumy tutýan meýdany 2 müň 89 inedördül kilometre deň bolup, deňeşdirilende, bu görkeziji Lýuksemburgyň meýdanyna barabardyr. Bu ýerlerde önümçilik kuwwaty 103 gigawat boljak Gün beketlerini gurmak bolar.

Ýokarda agzalan kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, 2030-njy ýylyň ahyryna çenli gory gutarýan kömür şahtalarynyň sany artyp, onuň tutýan meýdanynyň 3 müň 731 inedördül kilometre ýetjekligi agzalýar. Kömür şahtalaryň tutýan meýdanynda häzirki zaman önümçilik kuwwaty 185 gigawat boljak beketleri gurup boljaklygy çaklanýar. Bu görkeziji Germaniýa döwletiniň bir gündäki sarp etjek energiýasyna barabar bolar. Hytaý Halk Respublikasynda şeýle taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilip başlandy. Hytaý döwleti XX asyrda iň köp kömür ýakan we kömürden gaz öndürmekde dürli tehnologiýalary durmuşa ornaşdyran öňdebaryjy ýurt hasaplanýar. Häzirki asyrda Çyn-Maçyn ýurdy tebigy gaz we çig nebit satyn almakda we eksport etmekde öňdebaryjylygy elden bermeýär. Bu göz öňünde tutulýan işler geljekki nesiller üçin has nurana, arassa durmuşy üpjün etmekligiň we döwre görä kämilleşdirmekligiň bir şertidir.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri. 

Başga makalalar
168907d9f6caf2.jpg
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


168907dd1e51f1.png
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.