Kükürtsiz gaz känlerini gözlemegiň ekologik ähmiýeti
09:20 19.08.2025 943
«Ýaşyl» energiýa bilen baglanyşykly ekologik meseleleri çözmegiň öňde durýan çözgütleri barada belläp geçmek zerur bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek, ýagny «ýaşyl» energiýanyň ýagty geljegi üçin maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy biziň her birimizi buýsandyrmak bilen, bu ugurdaky işlere öz goşandymyzy goşmaga borçly edýär.
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar. Döwrüň ösmegi we tehnologiýanyň üznüksiz kämilleşmegi netijesinde bolsa, tebigaty goramak, energiýa serişdeleriniň zyýanly galyndylaryny aradan aýyrmak bilen bagly taslamalar ýurdumyzda hem ylmy taýdan esaslandyrylyp, işjeň herekete girizilýär. Häzirki wagtda uglewodorodlar (gaz we nebit) dünýäde ýangyç hökmünde giňden ulanylýar. «Ýaşyl» energiýa çeşmelerini, ýagny «ýaşyl» energiýany almak üçin Günden, ýelden we suwdan peýdalanmagyň zerurlygy hut şunuň bilen düşündirilýär.
Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde, «şatlyk» gorizonty diýlip atlandyrylýan, aşaky meliň aşaky goteriw mertebesiniň gazdoýgunly çägedaşlarynyň sebitleýin önümli gatlanmasynda tebigy gaz känleriniň onlarçasy açyldy. Türkmenistanyň gündogar sebitlerindäki, ýokarky ýuranyň kelloweý-oksford mertebesiniň karbonat çökündilerine degişli gazly känler bilen deňeşdirilende, bu känleriň artykmaçlygyna olaryň pes çuňluklarda ýerleşýändigi, tebigy gazynyň düzüminde kükürtwodorodyň ýoklugy, işläp taýýarlamagyň ýeňilligi we ekologik taýdan örän amatlylygy degişlidir. Şeýle-de häzirki wagtda gaz känlerini gözlemek, barlamak, buraw işlerini geçirmek we özleşdirmek, esasan, ägirt uly maýa goýumlary talap edýär. Işlenip geçilende gazynyň düzüminde kükürtwodorodyň bolmagy bilen ýüze çykýan geologik-senagat kynçylyklary bolan känleriň ýokarky ýura çökündileriniň karbonat formasiýasyna gabat gelýän, barmasy has kyn çuňluklarda ýatan gorizontlar bilen bagly bolmagydyr. Üstesine-de, gazynyň düzüminde kükürtwodorod bolan känler özleşdirilende, örän ygtybarly tehnologik enjamlaryň ulanylýandygyna garamazdan, tebigy gurşawa kükürtwodorodyň belli bir derejede täsiri ýetýär. Şonuň üçin hem pes çuňluklarda ýatan, täze kükürtsiz gaz känlerini ýüze çykarmak, gaz senagatynyň çig mal binýadyny berkitmek, ekologik taýdan tebigy gurşawy arassa saklamak örän möhüm mesele bolup durýar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri bu ugurda degişli işleri amala aşyrýarlar. Institutyň hünärmenleriniň teklipleri esasynda soňky döwürde birnäçe kükürtsiz gaz känleriniň açylandygyny bellemelidiris. Olara Hazarly, Demirgazyk Gazlydepe, Täjibaý, Täçmyradow gaz känleri degişlidir.
Hatyja
ÇOPANOWA,
«Türkmengaz»
DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň başlygy.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.