TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
21:50 18.08.2025 3409
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, aşgarlanmadyk nah mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 38 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), pagta süýümini, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 97 million manatdan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.