Türkmenistan we Özbegistan haryt dolanyşygyny 2 milliard dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär
20:09 12.08.2025 3657
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy soňky ýyllarda birnäçe esse artyp, ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen soňky gepleşikleriň netijesinde, taraplar bu görkezijini 2 mlrd dollara ýetirmek hem-de geljekde 5 mlrd dollara çenli artdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.
Iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri energetika bolup, bu ugurda Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý gaz geçirijisi aýratyn orun eýeleýär.
Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup galýar. Iki ýurt Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamynyň utgaşdyrylmagy ugrunda hereket edýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň işewür toparlary bilelikde forumlary we sergileri geçirýärler, sebitara gatnaşyklary ýola goýýarlar, şol sanda, Lebap welaýatynyň Buhara bilen, Daşoguz welaýatynyň bolsa Horezm bilen hyzmatdaşlygy hem girýär. “Daşoguz — Şabat” geçelgesiniň hem-de serhetýaka söwda zolagynyň açylmagy meýilleşdirilýär.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäginde Awazada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda senagat hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky mümkinçilikler hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika aragatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygynda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, dostluk we syýasy isleg esasynda gurulandygyny nygtady.
Hyzmatdaşlyk oba hojalygyny, elektroenergetikany, nebitgaz pudagyny, himiýa senagatyny we beýleki ugurlary öz içine alýar. 2022-nji ýylda ýurtlar 2022–2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we senagat kooperasiýasynyň Maksatnamasyny kabul etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy
3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.