Türkmen-hindi syýasy geňeşmeleriniň barşynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde işjeňlik bellenilip geçildi
22:06 18.01.2021 5021
13-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda agzalyp geçildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşygyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depgininiň soňky döwürde ähmiýetli derejede işjeňleşdirilendigi bellenilip geçildi.
Türkmen tarapy öz nobatynda Hindistany Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegi maksady bilen döredilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Işjeň söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we halkara gün tertibine degişli bolan, şol sanda Owganystan bilen bagly meseleler dogrusynda pikirleri alyşdylar, hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdiler.
2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň jemleri boýunça iki dostlukly döwletiň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky däp bolan özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek babatynda ylalaşdylar.
Sebit ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça pikirleriň alşylmagy, şeýle hem umumy ähmiýeti bolan köpugurly takyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli halkara meýdançalary bolup çykyş edýän «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň we «Hindistan – Merkezi Aziýa » Işewürlik Geňeşiniň çäklerindäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýliligi aýratyn bellenilip geçildi.
Diplomatlar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Hökümetara türkmen-hindi toparynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Hindistanyň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi, şonuň ýaly-da kiberhowpsuzlygy, terrorçylyga garşy göreşmek meseleleri we özara gyzyklanma döredýän beýleki ugurlar boýunça türkmen hem-de hindi bilermenleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy hem nygtaldy.
Energetika, maglumat tehnologiýalary, ulag-kommunikasiýa infrastrukturalary, ýeňil senagat, medeniýet we syýahatçylyk, ylym we bilim, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamlary özara bähbitli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.