Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýärler

10:39 15.07.2025 2921

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14534/original-16875dca95b3e3.jpg

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ösdürilýän akademiki alyş-çalşygyň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary häzirki wagtda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde (HNU) okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Üç hepdelik maksatnama diňe bir çuňňur nazary bilimleri almak bilen çäklenmän, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Talyplar HNU-nyň häzirki zaman okuw we ylmy-barlag merkezlerine, barlaghanalaryna baryp görýärler. Maksatnamanyň möhüm bölegi hökmünde Hytaýyň Geologiýa muzeýine, Ylym we tehnologiýa muzeýine, şeýle hem Hytaýyň milli nebit kompaniýasy CNPC-niň önümçilik desgalaryna tanyşdyryş saparlary guralýar. Bu bolsa olara önümçilik prosesleriniň hakyky ýagdaýlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Tejribelik döwründe talyplar gysga möhletli okuwlara gatnaşýarlar. Olar hytaý dili we medeniýeti bilen tanyşlyk, “ýaşyl” energetika we uglerod zyňyndylarynyň azaltmagy, nebit we gazyň geljegi, Beýik Ýüpek ýoly giňişliginde energetika hyzmatdaşlygy ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu mowzuklar dünýäde energiýa ulgamynyň ekologiýalaşdyrylmagy, uglerod bitaraplygyna ýetmek we Ýewraziýa sebitinde serişdeleriň daşalmagynyň strategik ähmiýeti ýaly möhüm ählumumy tendensiýalary şöhlelendirýär.

Şol bir wagtyň özünde, HNGU-nyň beýleki bir topar talyby «CNPC International Ltd-niň» Türkmenistandaky şahamçasynda önümçilik tejribesini geçýär. Bu bolsa halkara we milli tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny üpjün edip, giň gözýetimli, döwrebap hünärmenleriň taýýarlanmagyna itergi berýär.

Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen guralýan şeýle maksatnamalar öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmaga we täze nesliň hünärmenlerini taýýarlamagyň durnukly modelini döretmäge ýardam edýär.

Dünýäde “ýaşyl” energetika geçilýän we “akylly” tehnologiýalaryň (emeli aň, zatlaryň interneti, awtomatlaşdyrma) giňden ornaşdyrylýan döwründe bu ýaly başlangyçlaryň ähmiýeti has-da artýar. Hytaý ýokary okuw jaýlarynyň önümçilik bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýän, okuw maksatnamalarynyň bolsa “Senagat 4.0” döwrüne laýyk gelýän toplumlaýyn ösüş modelini görkezýär. Bu bolsa ýaşlara geljek üçin zerur bolan başarnyklary berýär.

Bu netijeli tejribe 2023-nji ýylda HNGU bilen Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) we HNU-nyň arasynda gol çekilen düşünişmek hakyndaky Ähtnamalaryň netijesinde mümkin boldy. Bu resminamalar akademiki alyş-çalşygy giňeltmäge, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge we Hytaýyň üstünlikli bilim tejribelerini Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Başga makalalar
16710f4103a0d3.png
Türkmen-täjik hökümetara topary ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk toplumlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi

Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýdyldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisinde bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.