«Ýaşyl» energetika ulgamyndaky ösüşler
04:15 15.07.2025 2482
Türkmenistanyň dünýäde energetika ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny görkezmek ugrunda amala aşyrýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyz häzirki wagtda Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Halkara energetika Hartiýasy, Atom energetikasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) ýaly abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmekde, energiýa serişdelerinden netijeli we howpsuz peýdalanmakda, ekologik durnuklylygy üpjün etmekde öňdebaryjy başlangyçlary öňe sürýär.
Bu hyzmatdaşlyk diňe bir döwlet derejesindäki gatnaşyklary öz içine alman, eýsem, ylym-bilim ulgamyny hem giň gerimde özünde jemleýär. Ýaş hünärmenleriň tejribesini kämilleşdirmek, olaryň dünýä tejribesinden habarly bolmagy we ekologiýa bilen bagly ylmy-barlag işlerine çekilmegi hem bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.
Şeýle giň halkara gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň aprel aýynyň 7 — 10-y aralygynda Slowakiýanyň Bratislawa şäherinde geçirilen halkara okuw maslahatyny görkezmek bolar. Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde guralan «Merkezi Aziýada ekologiýa meselelerini, jemgyýet zerurlyklaryny we netijeli dolandyrylyşy bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda birleşdirmek» atly bu okuw maslahaty öz ähmiýeti boýunça ýaş nesliň ukybyny ösdürmekde, täze pikirleri ornaşdyrmakda uly ädim boldy.
Türkmenistanyň halkara derejesindäki ekologiýa başlangyçlary we «ýaşyl» ykdysadyýet ugrunda durmuşa geçirýän işleri içerki ösüşleri gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy abadançylyga goşant goşmak maksadyna gönükdirilendir. Bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän teklipleri we başlangyçlary halkara derejesinde giň goldawa mynasyp bolýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde yzygiderli çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki jogapkärli ornunyň nyşanydyr.
Netijede, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady, ekologiýa giňişligindäki ornuny has-da berkidýän halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam edýär. Ekologik durnuklylygy üpjün etmek, «ýaşyl» energetikany ösdürmek, ýaş nesliň dünýä derejesindäki bilim-terbiýe mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň ygtybarly binýadydyr.
Bagtyýar
GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň
Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.
Türkmen-täjik hökümetara topary ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk toplumlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi
Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýdyldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisinde bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.